Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý “Galkynyş” käniniň dördünji tapgyryny özleşdirer


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen iri halkara bäsleşikde Hytaý tarapy ýeňiji boldy diýip, türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Pekin şäherinde HHR-iň başlygy Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.

Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny, geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini aýtdy.

15 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Si Szinpin bu ulgamda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanda hytaý tarapyna döredilýän şertler we goldawlar üçin hoşallyk bildiripdir.

Resmi maglumata görä, “Galkynyş” gaz käniniň gorlary, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27 trillion kub metre barabar diýlip hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG