Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan rus DIM-ine özbek raýatynyň kemsidilmegi sebäpli hat iberdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi özbek taksi sürüjisiniň kemsidilişini görkezen wideoýazgyda şekillendirilen erkegiň şahsyýetini anyklamaklary we oňa garşy kanun esasynda çäre görmekleri üçin Russiýanyň Daşary işler ministrligine resmi hat iberdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Ahror Burhanowyň sözlerine görä, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi “sosial ulgamlarda we habar beriş serişdelerinde ýaýradylýan maglumatlary yzygiderli gözegçilikde saklaýar” we şeýle hadysalar ýüze çykan halatynda daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Burhanow "Hususan-da, awgust aýynda giň jemgyýetçilik seslenmesine sebäp bolan waka boýunça barlag geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wideoýazgyda görkezilen adamyň şahsyýetini anyklamak we oňa garşy çäre görmek üçin Russiýanyň Daşary işler ministrligine resmi hat iberildi" diýip, Burhanow aýtdy.

Şeýle-de, ol Özbegistanyň raýatlarynyň nirede ýerleşýändigine garamazdan, öz döwletiniň goragynda galýandygyny ýatlatdy.

"TRT na russkom" telegram kanaly 27-nji awgustda Moskwa sebitiniň Himki şäherinde ýazgy edilen wideonyçap etdi.

Wideoýazgyda bir adam taksi sürüjisine gygyryp: "Sen gul, ruslaryň guly! Özbegistanda özüň üçin hiç zat tapmadyň - şonuň üçin bize geldiň. Sen öz öýüňde däl, en işlemäge geldiň - işle!" diýip, agza almasyz sözleri aýdyp gygyrýar.

Özbegiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri öz rus kärdeşlerine şeýle haty soňky üç aýyň dowamynda ikinjigezek iberýär.

XS
SM
MD
LG