Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer


Owganystan. Mazar Dara obasy
Owganystan. Mazar Dara obasy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky buýruga gol çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda Owganystanda bolan ýer titremesinden ejir çeken çagalara we ýaşaýjylara däri-dermanlar, azyk we iýmit, egin-eşik, durmuşda zerur bolan beýleki önümler iberiler.

Ynsanperwerlik kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberiler diýip, habarda bellenilýär.

Owganystanda 31-nji awgustda, esasan gündogar Kunar welaýatynda bolam güýçli ýer titremesinde 2200-den gowrak adam heläk boldy.

Türkmen metbugaty, berk döwlet senzurasy sebäpli, sebitde, şol sanda ýurt içinde bolýan tebigy hadysalar, adam ýitgileri barada ilata habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG